Maslahat UNHCR-ň Türkmenistan bilen 2023-nji ýyla çenli bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy esasynda öz işini üstünlikli tamamlandygyny görkezýär.
23-nji noýabr, 2024 ý. – Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, raýat jemgyýetiniň we BGM-niň Agentlikleriniň wekilleri adamlar gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen halatynda jogap çäreleri boýunça maslahatlaşmak üçin Aşgabatda jemlendiler.
Bu çäre BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň (UNHCR) Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýerine ýetirilmeli işleriň ýyllyk meýilnamasy esasynda guraldy. Çäräniň maksady oňa gatnaşyjylary bosgunlary goramagyň halkara ýörelgeleri, serhetleri dolandyrmak we ejiz toparlary kesgitlemek, şeýle-de ynsanperwer işini utgaşdyrmagyň mehanizmleri bilen tanyşdyrmak ybarat boldy.
Maslahatyň başynda Türkmenistan Goranmak ministrliginiň Raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölüminiň başlygy Ataýew Gurban, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açylowa çykyş etdiler.
“Soňky on ýyllygyň dowamynda dünýädäki göçmäge mejbur bolan adamlaryň sany 100 milliondan geçdi we olaryň 34,6 million sanysy bosgunlar bolup durýar. “Bu bolsa adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda olara jogap çäreler boýunça mehanizmleriň gerekdigini görkezýär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko aýtdy. – Bu maslahat Türkmenistanyň bosgunlar bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri çözmäge hem-de hökümet, raýat jemgyýeti we halkara guramalaryň arasyndaky utgaşdyrmak işlerine bitewi şekilde çemeleşmäge, şeýle-de halkara standartlary esasynda hereket etmäge ygrarlydygyny görkezýär”.
Bu maslahat BMG-niň UNHCR-ň Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen raýatsyzlygy kesgitlemegiň amallary boýunça geçirilen ýygnagyň ertesi gün geçirildi. Maslahat UNHCR-ň Türkmenistanyň Hökümeti bilen 2023-nji ýyla çenli bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy esasynda öz işini üstünlikli tamamlandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda 13 sany bosgun we 3351 sany raýatlygy bolmadyk adamlar ýaşaýar. UNHCR Türkmenistanyň Hökümetine göçmäge mejbur bolan we raýatlygy bolmadyk adamlary gorag bilen üpjün etmekde, şeýle-de kyn ýagdaýlar üçin durnukly çözgütleri tapmakda goldaw berýär.
UNHCR-ň Merkezi Aziýada alyp barýan işleri adamlary ýaşaýyş jaýlary üpjün etmegiň ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, bosgunlar baran ýerlerine uýgunlaşmagyna ýardam bermäge, raýatsyzlygy aradan aýyrmaga, şeýle hem hyzmatdaşlar bilen adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara jogap çäreler boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen.
Share on Facebook Share on Twitter