2025-nji ýylyň Halkara ene dili güni mynasybetli, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça agentligi (UNHCR) Merkezi Aziýa sebitindäki dillerde – gazak, gyrgyz, täjik, türkmen, özbek, iňlis we rus dillerinde – “UNHCR Merkezi Aziýa esasy terminler gollanmasyny” neşir etdi. Bu başlangyç dil köpdürlüligini wagyz etmek hem-de Merkezi Aziýada bosgunlar we raýatsyzlyk meseleleri boýunça takyk hem yzygiderli terminologiýany ulanmagy goldamak maksady bilen amala aşyryldy.
English | Русский | Қазақ | Кыргыз | Тоҷикй | O’zbek
21-nji fewralda bütin dünýä boýunça Halkara ene dili güni bellenilýär – bu gün dil köpdürlüligini hormatlamak we ene dilleriniň ähmiýetini wagyz etmek üçin döredilen senedir. Dil diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, jemgyýete goşulmagyň, özara baglanyşygyň we täze mümkinçilikleriň köprüsidir.
Ýerli integrasiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça agentligi, UNCHR, üçin Merkezi Aziýa sebitinde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ýerde jemgyýetler 22 000-e golaý mejbury göçürilen adamlary hoşniýetlilik bilen kabul edýär. Bosgunlaryň köpüsi bu sebitde ençeme ýyl, hatda onlarça ýyl bäri ýaşap, ýerli dillerde gürleşýär we maşgala hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Dil integrasiýanyň esasy elementleriniň biri bolup, bosgunlara we gaçybatalga gözleýänlere gündelik durmuşda aragatnaşyk saklamaga, hyzmatlardan peýdalanmaga, manyly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de ýaşap ýören ýurtlarynyň durnukly ösüşine işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
UNHCR Merkezi Aziýada hökümetler we hyzmatdaş guramalar bilen bilelikde bosgunlar üçin mugt dil kurslaryny gurnamak arkaly olaryň özbaşdaklygyny ýokarlandyrmaga, jemgyýetçilik jebisligini pugtalandyrmaga we ýerli jemgyýetlere goşulmagyna goldaw berýär. Bu başlangyjyň çäklerinde Gazagystanda Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti we Nazarbaýew Uniwersiteti, Gyrgyz Respublikasynda Amerikanyň Merkezi Aziýa Uniwersiteti hem-de Täjigistanda “Bosgunlar, çagalar we gowşak raýatlar” (RCVC) guramasy bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Dil köpdürlüligini goldamak we sebitde bosgunlar hem-de raýatsyzlyk meseleleri boýunça takyk we yzygiderli terminologiýany ulanmagy ösdürmek maksady bilen, Halkara ene dili güni mynasybetli BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça agentligi (UNHCR) “UNHCR Merkezi Aziýa esasy terminler gollanmasyny” gazak, gyrgyz, täjik, türkmen, özbek, iňlis we rus dillerinde neşir etdi.
Share on Facebook Share on Twitter