Owgan bosguny we Türkmenistanda ussat kikboksçy.
Söweş sungatlarynyň ussatlarynyň ählisinde, uly tutluşygyň öňünden ýerine ýetirýän däbi bardyr. Bu olaryň iýýän ýörite tagamy ýa-da ýaryşlaryň öňünden diňleýän aýdymy bolup biler. Türkmenistanly ussat kikboksçy Mustafanyň däbi bolsa komediýa filmlerine tomaşa etmek bolup durýar.
Ol “Söweşden öň men saz diňleýärin we komediýa filmlerine tomaşa edýärin. Men söweş barada hiç hili pikir etmeýärin. Haçan-da men ringe çykanymda, men diňe şol wagtda söweş barada pikir edip başlaýaryn” diýýär.
Bu adaty bolmadyk çemeleşme ýaly görünip biler. Emma ol soňky 84 sany tutluşygyň 79-da ýeňiş gazanandygy sebäpli bu usulyň peýdalydygyny aýtmak bolar.
Mustafanyň iň uly arzuwy – Türkmenistan üçin halkara derejede çykyş etmek, ýöne muňa bir päsgel bar. BMG BIÝK-yň tarapyndan ykrar edilen bosgun hökmünde onuň türkmen baýdagy astynda çykyş etmek üçin zerur bolan resminamalar Mustafada ýok.
Mustafa takmynan 30 ýyl mundan öň bary-ýogy alty ýaşynda wagty Türkmenistana geldi. Ejesi, kakasy we iki sany uly erkek dogany bilen, olar Owganystandaky giň gerimli zorluklardan we adam hukuklarynyň bozulmalaryndan gaçyp gaýtdylar.
Mustafa we onuň iki sany erkek dogany başlangyç we orta mekdebi tamamladylar, türkmen we rus dillerini öwrendiler. Türkmenistan olaryň Watanyna öwrüldi. Şeýle hem olar sportuň meşhur milli görnüşleri bilen meşgullandylar, hususan-da, Mustafany kikboks gyzyklandyrdy.
Owganystandan gaýdanlarynda olar gaty kiçi hem bolsalar, ol ýerdäki durmuşy we Türkmenistana göçüp gelişleri baradaky wakalar anyk ýadyna düşýär. “Mekdebe gidip başlanymda beýleki çagalara düşünmek, mekdebe uýgunlaşmak maňa kyn düşmedi. Sebäbi meniň häsiýetimde güýçli bolmaklyk bar” diýip, Mustafa aýdýar.
Hut şol güýçli bolmaklyk häsiýeti sebäpli hem Mustafa höwesjeň-söweşijiden ussat kikboksçy we tälimçi derejelerine ýetdi.
Mustafa ilkinji gezek bäsleşige 18 ýaşynda gatnaşdy we şondan bäri jemi 16 bäsleşikde ýeňiş gazandy. Yzygider gazanylan ýeňişler sebäpli, ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge mümkinçilik gazandy. Ýurduň ähli künjeklerinden saýlanan beýleki türgenler ýaly Mustafa hem bäsleşikden öň tutuş bir ýylyň dowamynda türgenleşik geçdi.
Emma açylyş dabarasyna bary-ýogy birnäçe gün galanda ol ýaryşlardan mahrum edildi – Musatafanyň Türkmenistanyň raýaty däldigi we bosgun statusyna eýe bolandygy sebäpli, dolandyryjy halkara sport komiteti oňa Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge rugsat berilmeýändigini yglan etdi.
“Bäsleşige gatnaşyp bilmeýändigim üçin gaty gynandym. Ýöne ondan soň men has hem güýçli boldum” diýip, Mustafa belleýär.
“Beýik kikboksçy bolmak üçin, fiziki güýçden we çydamlylykdan başga-da köp zatlar talap edilýär. Sportuň bu görnüşi üçin uly hyjuwyň bolmaly. Ondan başga-da gowy adamkärçiligiň, güýçli gylyk-häsiýetiň bolmalydyr we hiç zatdan gorkmaly däl” diýip, ol sözüni dowam etdi.
Mustafa öz gynanjyny has yhlasly türgenleşiklere gönükdirdi.
79 sany gazanylan ýeňişlerden ol Prezidentiň Kubogyny gazanandygyna aýratyn buýsanýar. “Bäsleşige 350-den gowrak kikboks ussatlary gatnaşdylar. Men hem bu bäsleşige gatnaşdym we Prezidentiň kubogyny gazandym. Men muňa örän buýsandym.” diýip Mustafa aýdýar. – “Soňra bolsa ussat kikboksçy bolandygym sebäpli, maňa kikboks boýunça tehniki türgeniň goşmaça kubogyny hem gowşurdylar”.
Mundan başga-da, bäsleşiklere gatnaşmakdan daşary Mustafa ýerli sport klubynyň 150-den gowrak okuwçysyny, şol sanda oglanlary we gyzlary, uly ýaşlylary we beýleki hünärmenleri türgenleýär. Ýaňy-ýakynda onuň okuwçylarynyň biri Fight Nation halkara çempionatynda ýeňiş gazandy.
“Men Türkmenistanda alty ýaşymdan bäri ýaşaýaryn” diýip, Mustafa aýdýar. – “Biz özümizi türkmen hökmünde duýýarys”.
“Men Türkmenistan döwletine çäksiz minnetdar. Türkmenistanyň adamlary örän myhmansöýer we hoşniýetli. Men Türkmenistanda bu käre eýe boldum. Öz maşgalam üçin pul gazanyp bilýändigime Hudaýa şükür edýärin”.
“Men Türkmenistan döwletine çäksiz minnetdar. Türkmenistanyň adamlary örän myhmansöýer we hoşniýetli.»
Men Türkmenistanyň pasportyny almak isleýärin. Men Türkmenistanyň adyndan çykyş edesim gelýär”- diýip, Mustafa aýdýar.
Boksuň dolulygyna galtaşmaly sport görnüşi bolup durýandygy we Mustafanyň häzirki wagtda 32 ýaşyndadygy sebäpli, onuň bäsleşiklere gatnaşmagy üçin az wagt galan bolup biler. Emma edil häsiýeti ýaly onuň ygrarlylygy hem örän güýçli bolup, ol umydyny ýitirmeýär. “Men her gün türgenleşik geçýärin we özümi sagdyn ýagdaýda saklamaga çalyşýaryn. Men öz köp maksatlaryma ýetip bilmesem-de, şägirtlerim bilen bilelikde eýýäm köp sanly ýeňişleri gazandyk. Olar bilen bir hatarda men hem özümi bäsleşikde birinji orny eýelän ýaly duýýaryn” diýip, Mustafa aýdýar.
*****************
Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG BIÝK tarapyndan ykrar edilen 13 sany bosgun bolup, olar ýurtda milli gaçybatalga ulgamy döredilmezden öň hasaba alnan.
Olaryň hemmesi 20 ýyl töweregi wagt bäri ýurtda ýaşaýarlar, türkmen dilinde erkin gürleýärler we türkmen jemgyýetine uýgunlaşan ýagdaýda ýaşaýarlar. Olaryň käbiri, mysal üçin Mustafa we onuň erkek dogany, Türkmenistanyň raýatlary bilen durmuş gurdylar we olaryň çagalary türkmen raýatlary bolup durýarlar.
Ýöne olaryň bosgun statusynyň hökümet tarapyndan ykrar edilmeýändigi sebäpli (hereket edýän kanunçylyga laýyklykda), 13 adamyň ählisiniň hukuk ýagdaýy kesgitsiz bolup durýar. Bu bolsa olaryň zähmet üpjünçiligi, saglygy goraýyş, bilim we ýaşaýyş jaý bilen baglanyşykly meselelerde päsgelçiliklere duçar bolmagyna sebäp bolýar.
BMG-iň agza döwletleri tarapyndan bosgunlaryň goragyny goldamak boýunça ygtyýarlandyrylan gurama hökmünde BMG BIÝK, Türkmenistanyň hökümetini bosgunlaryň raýatlyk üçin arza bermegine mümkinçilik döretmek, esasy hukuk we hyzmatlaryň olar üçin elýeter bolmagyny üpjün etmek, gujak açyp garşy alan ýurduň ösüşine olaryň hem goşant goşmagyna mümkinçilik bermek arkaly ýurtdaky bosgunlaryň ýaşaýyşyny utgaşdyrmaga çagyrýar. 2023-nji ýylda Türkmenistan 2 sany bosguna ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnama berdi.
BMG BIÝK bu mesele boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýär, şeýle-de göçmäge mejbur bolan we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak boýunça 2024-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine umyt edýär.
Share on Facebook Share on Twitter