Aşgabatdaky sebitara maslahatda gatnaşyjy ýurtlar Türkmenistanyň göreldesine eýermäge çagyryldy
2024-nji ýylyň 8-nji noýabry, Aşgabat – 5 ýurtdan wekiller şu gün Aşgabat şäherinde, Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykylmagyna hem-de bu maksada ýetilmeginde sebitiň netijelerini dabaralandyrylmagyna bagyşlanan Ministrleriň maslahatynda ýygnanyşdylar.
“Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy” atly Aşgabatda geçirilýän ministrleriň maslahaty, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň, şeýle hem BMG-niň agentlikleriniň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarlygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça agentligi tarapyndan gurnaldy.
Merkezi Aziýa raýatsyzlykmeselelerini çözmek boýunça dünýäde öňdebaryjy ýerleri eýeleýär. Gyrgyzystan Respublikasy we Türkmenistan bolsa, raýatsyzlygyň ähli bilinýän ýagdaýlaryny çözen dünýäde ýeketäk ýurtlar bolup durýarlar.
Maslahatda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekili bu maksada ýetmek boýunça ýurduň tagallalary babatda jikme-jik gürrüň berdi hem-de bütin dünýäde adamlaryň raýatlygynyň bolmagyny üpjün etmek üçin beýlekileri goşulmaa çagyrdy. Hususan-da, Türkmenistan tarapyndan dogluşlaryň ähliumumy bellige alynmagyny üpjün etmek üçin raýat ýagdaýynyň namalary hakynda kanunyň we “Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň” kabul edilendigi, şeýle hem raýatlygy bolmadyk şahsyň statusyny kesgitlemegiň jikme-jik amalyň döredilendigi babatda bellenildi.
Galan 1146 sany raýatlygy bolmadyk şahslara pasportlary gowşurmak dabarasy şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi, bu bolsa ýurtdaky raýatsyzlygyň ähli bilinýän ýagdaýlaryny çözmegiň amalyny tamamlamaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň bütin dünýäde raýatsyzlygyň öňüni almak we raýatlygy bolmadyk şahslary goramak üçin esasy resminamalar bolup durýanwe 1954-nji ýylyň “Apatridleriň statusy hakynda” Konwensiýa hem-de 1961-nji ýylyň “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýa goşulmagy onuň aýratynlygy bolup durýar.
Hukuk goragyň jähtleri boýunça jogapkärçilik çekýän BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunçaÝokary Komissarynyň kömekçisi, hanym Ruwendrini Menikdiwela gazanylan üstünlik bilen, Türkmenistany gutlady. “Biz, raýatsyzlygyň ähli bilinýän ýagdaýlaryny çözmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna we durnukly ösüş amalyndan gyrada galmazlygyň üpjün edilmeginde onuň üýtgewsiz meýilliligine ýokary derejede baha berýäris” – diýip belledi. “Soňky onýyllykda sebitiň döwletleri düýpli ösüş gazandylar, we dünýädäki raýatsyzlygyň her bir üçünji ýagdaýy Merkezi Aziýada çözüldi. Merkezi Aziýanyň raýatsyzlygyň ähli ýagdaýlaryny çözen, dünýäde birinji kiçi sebit bolup biljegi çak edilýär”.
Bütin dünýäde milýonlarça adamlara doly derejede öz hukuklaryndan peýdalanyp bilýän we jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmaga mümkinçilik berýän raýatlykdan ýüz öwrüldi. Sebäbi diňe döwletler raýatlygy berip bilýärler ýa-da raýatlygy tassyklap bilýärler, raýatsyzlygyň öňüni almakda we ony azaltmakda hökümetleriň hyzmatdaşlygynyň çözüji ähmiýeti bardyr.
Merkezi Aziýa döwletleriniň üstünlikleri geljekki nesiller üçin uly orny eýelejek bitewi jemgyýetler üçin çözgütleriň toplumy bolup durýar. Her bir nobatdaky nesil raýatlygy bolmadyk şahsyň statusynda dogulmagynyň ýerine, eýýäm raýatlygy berilenlerden miras hökmünde raýatlygy alarlar, bu bolsa müňlerçe adamlar üçin täze mümkinçilikleri döredýär we jemgyýete ornaşmaklaryny gowulandyrýar.
Häzirki wagta çenli Merkezi Aziýada 30 000 gowrak adam raýatlygy bolmadyk şahslar bolup galýarlar, bu bolsa hemişelik ylalaşylan tagallalaryň we işe meýilliligiň zerurlygyna şaýatlyk edýär.
Merkezi Aziýada raýatlygy bolmadyk şahslaryň aglabasy garaşsyz döwletleriň raýatlygyny heniz almadyk ýa-da ony tassyklatmadyk Sowet Soýuzynyň öňki raýatlarydyr ýa-da olaryň nesilleridir.
Raýatsyzlyga garşy göreş boýunça tagallalar we borçnamalar #IBelong (#MenDegişli) kampaniýasynyň anyk üstünliklerine we ösüş depginine esaslanyp, 14-nji oktýabrda UNHCR tarapyndan başladylan, Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça bütindünýä birleşiginiň çäklerinde dowam etdiriler.
Türkmenistan täze Birleşige goşulan Merkezi Aziýada birinji ýurt bolup, bu meselede hem halkara liderligini görkezdi.
– Soňy –
Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Bütindünýä birleşigi
UNHCR 2014-nji ýylda raýatsyzlygyň soňuna çykylmagyna, raýatsyzlygy aradan aýyrmak maksady bilen meýilliligi, hereketleri we raýdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen 10 ýyllyk #IBelong kampaniýasyny başlatdy.
Soňky 10 ýylda bu kampaniýa döwletleriň, raýat jemgyýetiniň guramalarynyň, BMG-niň agentlikleriniň, akademiki edaralaryň, şeýle hem sebit guramalarynyň we raýatlygy bolmadyk şahslar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramalaryň bilelikdäki tagallalary saýasynda raýatsyzlygyň öňüni almakda we ony azaltmakda düýpli ösüş depginini gazandy. 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda #IBelong kampaniýasynyň tamamlanmagy bilen UNHCR Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça bütindünýä birleşigini başlatdy.
Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Bütindünýä birleşigi – dürli gyzyklanýan taraplary birleşdirýän, täze köptaraplaýyn binýatdyr. Onuň ýörelgesi “her bir adamyň kemsitmeden raýatlyga hukugy bolan raýatsyzlykdan azat dünýäni” döretmekden ybaratdyr. Birleşik raýatsyzlygyň soňuna çykmak we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklaryny goramak boýunça bilelikdäki hereketler üçin döwletleri, raýatlygy bolmadyk şahslar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramalary, BMG-niň agentliklerini, raýat jemgyýetiniň guramalaryny hem-de sebit hökümetara we parlamentara guramalary birleşdirýär. Bu birleşik okuw, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk üçin binýat hökmünde gulluk eder. Şeýle-de, raýatsyzlygyň soňuna çykmak we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklaryny goramak üçin zerur bolan syýasy meýilliligi pugtalandyryp, kanunçylykda, syýasatda we tejribede nogsanlyklary ýüze çykaryp we olara täsir edip, üýtgetmeleri girizmäge höweslendirer we çaltlandyrar.
Note: UNHCR – BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarlygy
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky hünärmenlere ýüz tutup bilersiňiz:
Share on Facebook Share on Twitter